ما از کوکی ها و فناوری های دیگر در این وبسایت برای بهبود تجربه کاربری شما استفاده می کنیم.
با کلیک بر روی هر پیوند در این صفحه شما دستور خود را برای سیاست حفظ حریم خصوصیاینجاو سیاست فایلمی دهید.
باشه موافقم بیشتر بدانید

درباره‌ی Harri Potter - Jadygöýüň daşy

Harri Potter - Jadygöýüň daşy (1-nji kitap)

Dünýä ýüzüne giňden ýaýran, esasan, ýaş okyjylaryň çäksiz söýgüsini gazanan «Harri Potter» atly bu eserde gürrüň berilýän wakalar on bir ýaşy dolan Harriniň äpet Rubus Hagridiň özi hakyndaky hakykaty aýdyp bermegi hem-de onuň jadygöýlik dünýäsine aralaşmagy bilen başlanýar. Joan Rouling öz romanynda okyja adatdan daşary, ýöne şol hakyky durmuş bilen berk baglanyşykly bolan täsin dünýäniň işigini açýar. Eger fantastik eser bolan «Narniý wakalary» özboluşly älemi, «Ýüzükleriň hökümdary» eseri mistiki geçmişi suratlandyrsa, «Harri Potter» däri-dermanlardyr her dürli ot-çöpler ýaly hakyky durmuşda gabat gelýän adaty zatlar bilen baglanyşykly wakalary öz içine alýar. Romanda magllar hasaplanýan ýönekeý adamlara görünmeýän gizlin köçelerdir obalar, ýeke-ýalňyz oturan köşklerdir gadymy garbanyşhanalar kitabyň täsirli, özüne çekiji bolmagyna, has gyzykly okalmagyna getirýär. Jadygöýligiňdir gözbagçylygyň mekdebi bolan Hogwartsa okamaga gelen Harri ol ýerde bagtly jadygöýler maşgalasyndan gelip çykan Ron, ýönekeý maşgaladan bolan işjanly, okamagy gowy görýän Germiona bilen dostlaşyp, her dürli täsinliklerdir kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. 1997-2011-nji ýyllar aralygynda 450 million nusgalygy satylan bu kitap dünýäniň 70-e golaý diline terjime edildi. Bu gün biz çagalara we ýetginjeklere kynçylyklardan baş alyp çykmagy, dosta wepalylygy, çydainlylygy ündeýän bu kitaby türkmen okyjylaryna hem ýetirmegi makul bildik. Eseri okan her bir okyjy Harri Potter bilen bilelikde dürli täsin wakalaryň, gyzykly hadysalaryň şaýady bolar.

Üns beriň!

Indiki çykjak elektron kitaplardan habarly bolmak üçin [email protected] e-poçtasyna ýa-da +993 62 800466 belgili mobil telefona "Kitap üçin bellige durýan" ýaly mazmunly hat ugradyp bilersiňiz. Şeýlelikde täze kitap paýlaşanymyzda ilkinji sizi habarly ederis.

Bu kitapdaky maglumat "bolşy ýaly" esaslarda, kepilliksiz getirilýär. Bu iş taýýarlananda ähli seresaplyk çäreleri görlen hem bolsa, ne awtor(lar), ne elektron görnüşe geçiren ýa-da APK görnüşinde taýýarlan şahslar bu işdäki maglumat sebäpli çekilen göni ýa gytaklaýyn ýitgi ýa zelel üçin hiç bir adamyň ýa guramanyň öňünde jogapkärçilik çekmeýär.

Bu kitap hiç-hili görnüşde satuwa degişli däl. Bu kitaby islendik görnüşinde köpçülikde paýlaşylanda, islendik pul birligi ýa-da internet ulgamynda bal ýa-da ş.m. görnüşinde garşylygyny talap etmek gadagan. Kitaby mugt görnüşinde, hiç ýeri üýtgedilmedik ýagdaýynda paýlaşyp bilersiňiz.

Iňlis dilinden terjime eden Timar MÄMMETGURBANOWA.

Elektron görnüşine geçiren Ýusup Berdiýew (sawyer) - ([email protected]).

APK görnüşinde taýýarlan Rahmanow Döwlet Akmuhammedowiç (StateTM, DowletR) ([email protected]).

-=[ Goşmaça maglumat ]=-

Kitaby Google Play Store (Google Play Маркет)-den özüňize indirip alanyňyzda kitaby bahalandyryp, kiçiräk teswir galdyrmagy unutmaň.

Kitap okaýan wagtyňyz gabat gelen harp ýalňyşlyklaryny ýokardaky salgylaryň biriniň üsti bilen bize ýetirseňiz minnetdar bolardyk. Biz ýalňyşlyklary düzedip, kitabyň täze görnüşini size ýetirip durarys.

Ýene-de bir zat: kitabyň şriftiniň (harplarynyň) ululygyny APK-nyň "Sazlamalar" bölüminden üýtgedip bilersiňiz.

جدیدترین چیست در نسخه‌ی 1.1

Last updated on 02/06/2018

Täze wersiýa.

بارگذاری ترجمه...

اطلاعات تکمیلی برنامه

آخرین نسخه

وارد شوید undefined در undefined 1.1

بارگذاری شده توسط

Jomiloju Fatade

نیاز به اندروید

Android 1.6+

نمایش بیشتر

Harri Potter - Jadygöýüň daşy اسکرین شات ها

اشتراک در APKPure
اولین کسی باشید که به نسخه اولیه، اخبار و راهنمای بهترین بازی ها و برنامه های اندروید دسترسی پیدا می کند.
نه، متشکرم
ثبت نام
با موفقیت مشترک شد!
اکنون به APKPure مشترک شده اید.
اشتراک در APKPure
اولین کسی باشید که به نسخه اولیه، اخبار و راهنمای بهترین بازی ها و برنامه های اندروید دسترسی پیدا می کند.
نه، متشکرم
ثبت نام
موفقیت!
شما الان عضو خبرنامه‌ی ما شدید.